- ärlerçe
- Her bir işde durnuklylyk görkezýänler ýaly, är ýaly, kişi kimin, gaýratlylyk bilen edermenlerçe, mertlerçe.∙ Aýna Artygyň niýetini makullamak bilen ärlerçe dik durdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)∙ Gürrüň özüne gezek gelende, Toýjan ärlerçe jogap gaýtardy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)∙ Tagan uruş meýdanynda gaýduwsyzlyk bilen ärlerçe söweşdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.